Biz Barada

“Güneşli Watan” hojalyk jemgyýeti hakynda


Ýurdumyzyň energetika pudagynyň sazlaşykly kämilleşýän döwründe “Güneşli Watan” hojalyk jemgyýeti degişli ulgamda uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Bu kompaniýa bäsdeşlige ukyplylygy, ussatlylygy we ynamdarlygy bilen tapawutlanyp, energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär. Energetika pudagynyň köpugurly we çylşyrymly inženerçilik ukyplaryny talap edýändigi sebäpli, bu ugurda durnukly kompaniýalaryň örän seýrekdigi mälimdir. Emma “Güneşli Watan” HJ bu pudakda öz mynasyp ornuny saklap gelýär. 2011-nji ýylda düýbi tutulan kompaniýa az salymyň dowamynda baý tejribe toplady. Kompaniýa özüniň täzeçil pikirleri we ýokary hilli işi bilen gysga wagtyň dowamynda müşderileriniň ynamyna girmegi başardy. Gysga wagtyň içinde toplanan baý tejribe bolsa ynanylan ençeme işleri üstünlikli tabşyrmaga itergi berdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny gündelik durmuşyň kadalary bilen utgaşdyrmagyň çylşyrymlydygyna düşünýän “Güneşli Watan” HJ-e bolan ynam müşderleriň öňünde barha artýar. Kompaniýa bu uly ynama zähmetsöýer we ussat hünärmenleriniň ýeterlikdigi mynasybetli eýe boldy. “Güneşli Watan” HJ-niň energetikanyň dürli ugurlary boýunça tejribeli hünärmenleriniň bolmagy müşderiler üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täzeçil pikirleriň we öňdebaryjy tehnologiýalary gurnama işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Bu, hususan-da, gurluşyk kompaniýalaryna uly ýardam berýär.