Müşderileriň arasynda tygşytly energetikadan peýdalanmak islegi örän uludyr. “Güneşli Watan” HJ taslamalarda teklip edilýän ulgamyň nirede ulanýanlygyny anyklap, doly gurluşyk ýer ölçeglerini we elektroenergiýa gözegçiligine seredip, maýa goýumyň meýilleşdirilen wagtdan soňra gaýtarylmagy boýunça hasaplamalar bilen amaly çözgütleri hödürleýär. Şeýle hem ýerlikli ykdysady esaslar bar bolsa, has uzak möhletleýin oňaýly teklipleri berýär. Kompaniýa ulgamyň faz balansyny, kuwwatlyk koeffisiýentini, agram salma we sazlaşyk meselelerini anyklap, çykan netijeleriň esasynda müşderilere çözgütleri teklip etmek, seljermek maksady bilen ýörite tilsimleri ulanýar. “Güneşli Watan” HJ müşderileri üçin tutuş ulgamy çalyşmak bilen baglanyşykly harajatlary tygşytlatmak maksady bilen könelişen ulgamlaryň ýerine ykdysady tarapdan öz-özüni dolandyrýan we täze döwrebap ulgamlary teklip edýär.