Aragatnaşyk hyzmatlary babatynda işleri amala aşyrmaklyga ygtyýarnama üçin işleriniň görnüşleri.
33.14 şertli belgisinden
Diňe tehniki hyzmaty, installýasiýa (düzmek, programirlemek we gaýtadan programirlemek), aragatnaşyk ulgamyny, aragatnaşyk geçiriji ugurlaryny, telefon aragatnaşyk serişdelerini, maglumat geçiriji ulgamyny, şeýle-de pudaklaýyn telefon stansiýalaryny gaýtadan dikeldiş işleri.
42.2 şertli belgisinden
Diňe aragatnaşyk ulgamynyň, aragatnaşyk geçiriji ugurlarynyň, radioaragatnaşyk serişdeleriniň, telefon aragatnaşygynyň we maglumat geçiriji ulgamyň gurluşygy, olary täzeden dikeltmek we gurnamak işleri.
42.22 şertli belgisinden
Senagat inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny goşmak bilen, diňe aragatnaşyk ulgamynyň aragatnaşyk geçiriji ugurlarynyň, radioaragatnaşyk serişdeleriniň, telefon aragatnaşygynyň we maglumat geçiriji ulgamyň gurluşygy, olary täzeden dikeltmek we gurnamak işleri.
43.21 şertli belgisinden
Diňe telearagatnaşyk ulgamyny we radio-telewizion antennalaryny hem-de beýleki aragatnaşyk serişdelerini gurnamak, täzeden dikeltmek, installýasiýa (düzmek, programirlemek we gaýtadan programirlemek) işleri.
Ýangyn howpsuzlygy babatynda işleri amala aşyrmaklyga ygtyýarnama üçin işin görnüşleri.
33.14.90 şertli belgisinden (kodundan):
Diňe ýangynyň dörän ýerini anyklaýan we ses duýduryjy (signal) enjamlary hem-de awtomatik ulgamy abatlamak işleri.
43.21 şertli belgisinden (kodundan):
Diňe binalarda we gurluşyk desgalarynda ýangyna garşy awtomatik ulgamy gurnamak işleri.
71.11 şertli belgisinden (kodundan):
Diňe ýangynyň dörän ýerini anyklaýan we ses duýduryjy (signal) enjamlary hem-de awtomatik ulgamy taslamalaşdyrmak işleri.